Kýonigsberg uniwersitetinde mugallymçylyk edip ýören ýyllary meşhur nemes alymy, filosof Immanuel Kantdan şägirtleriniň biri:
— Näme üçin biz haýsydyr bir maksadymyza ýetjek bolup dyrjaşanymyzda, öňümizde hökman päsgelçilik ýüze çykyp, ýolumyzdan sowjak bolýar? Biziň ejizligimizi boýnumyza goýmagam tebigatyň kanunymy — diýip soraýar.
Kant biraz pikirlenip duransoň, şeýle diýýär:
— Seniň kynçylyk diýýäniň ýetilmeli maksadyň bir bölegi. Sen oňa ünsem berme-de, maksada tarap menzil aşmagyň alajyny tap. Aýdaly, sen ýaýdan ok atýaň. Ýöne töweregiňdäki ümür bilen göreşmän, onuň dagaryna garaşarsyň. Duman dagnsoňam, şemal turar welin, sen ýene-de okuňy atyp bilmersiň. Onsoň ýaýyňy taşlap, şemal bilen tutda-bas bolmarsyň-a? Sen şemalyň ugruny hasaplap, biraz sowarak atrasyň. Ýa ýaýyň gaty agyr, kirşini çeker ýaly däl diýeli. Sen ony düzetmäge derek, öz güýjüňi artdyrmagyň ugruna çykarsyň. Garaz, diňe özüňi kämilleşdirmek bilen bolarsyň.
— Ýöne hemişe açyk, şemalsyz howada, ýeňiljek ýaý bilen ok atyp ýörenlerem az däl-ä — diýip, şägirt öýkeli äheňde aýdýar. — Diňe meň öňüm päsgelçilikden dolyp durmalymy? Tebigatyň bar işi maňa garşylyk gärkezmek däldir-ä?
— Hiç haçan illere seretme – diýip, Kant ýylgyrypdyr. — Durmuşda her kimiň öz ýaýy, öz nyşanasy, oky atmak üçin kesgitlenen wagty bolýar. Käbirleri nyşana dogry degmegi öňünde maksat edip goýýar, ýene birleriniň wezipesi — ok atmagy öwrenmek. Onsoňam, bilip goý, ümür saňa päsgel bermek üçin ýörite aşak düşenok, şemalam seniň okuňy başga tarapa alyp gitmek üçin öwsenok. Ýaý ussasy-da şeýle enjamy ýörite saňa kynçylyk döretmek üçin ýasanok. Ähli zat özbaşyna hereket edýär. Şeýle şertlerde nyşana degjegine ynanyp, eliňe ýaý alyp, meýdana çykmagyňa olaryň hiç hili dahyly ýok. Şonuň üçinem, ýa-ha kynçylykdan zeýrenip ýörmegiňi bes et-de, şertlere uýgunlaş, ýogsa-da başga ýeňilräk nyşana gözläber — diýip, jogap beripdir.
Show more