Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda düýe hakynda

MilliInfo

13 Dekabr, 2025

«Düýe maly – dünýe maly» diýmek bilen, halkymyz maldarçylygyň ýene bir ugruna bolan garaýşyny aňladypdyr. Düýe maly – ýaşaýşyň ajaýyp gymmatlygy. Onuň süýdüne, ýüňüne, etine çenli uly baýlyk. Süýdünden önýän nygmatlardan başlap, düýe maly ynsan üçin saglyk hem eşret çeşmesi. Lukman hekim dünýäden gaýtjak mahaly, adamlaryň: «Indi nähili ýaşarkak?» diýen sowalyna:

«Düýe bardyr, şony idediň, şoňa yhlas ediň!» diýendigi hakyndaky rowaýat ýöne ýere dörän däldir. Düýe bütin durmuşda, asyrlaryň dowamyndaky kerwen ýollarynda, ýurtlar hem halklar arasyndaky gatnaşyklarda ulag hökmünde hem ýerini çalşyp bolmajak hyzmatlary bitiripdir. Şonuň üçin türkmen: «Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz» kimin nakyllary döredipdir. Halkymyz: «Düýeli baý – dünýeli baý» hem diýýändir.

***

Türkmen: «Düýe malym – dünýe malym» diýip, düýäniň özüni-de, ýüňüni-de mukaddes saýýar. Şoňa görä, türkmen halky ýaş çatynjalara nika gyýylmazdan öňürti öýlenýän ýigidiň egnindäki toý köýneginiň jübüsine, gyzyň ketenisiniň art etegine, çabydynyň jübüsine düýe ýüňüni çatýar.

 

 

 

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info