Owadan bahara çalymdaş bägüller

MilliInfo

3 sagat öň

Ajaýyp bahar paslynyň gelmegi giň dünýämizi gül-gülälekleriň bark urýan ysy, ajaýyp gözelligi bilen bezeýär. Biri-birinden owadan güller tebigatyň görküne görk goşýar. Şeýle gülleriň biri-de, köpleriň halaýan güli bolan bägüldir. Ol planetanyň iň owadan güllerinden biridir. Aslynda, özüne sowgat berlen bägülli çemenine seredip, ýylgyrmaýan ýekeje zenan ýa-da gyz-gelin ýok bolsa gerek! Geliň, «Gülleriň şasy» hasaplanýan bägül hakynda täsirli maglumatlara seredip geçeliň:  

- Bägül ABŞ-nyň, Eýranyň we Angliýanyň milli gülüdir.

- Tebigy bägül ýagy dünýädäki iň gymmat ýaglardan biridir. Käbir sebitlerde ol altyndan we platinden hem has gymmatlydyr. Bir kilogram bägül ýagyny almak üçin üç tonna gül ýapragy gerek bolýar.

- Söýgüliler gününde satylýan iň köp gül bägül bolup, şonda onuň ortaça üç million sanysy satylýar.

- Bägülüň ysyny yzygiderli alýan adam mylaýym we rahat bolýar. Bägülüň hoşboý ysyny yzygiderli alýanlar has hoşniýetli häsiýete eýe bolýarlar.

- Meşhur ýazyjy Şekspir hem öz eserlerinde bägülleri 50 gezek belläp geçipdir.

- Dünýädäki iň kiçijik bägül tüwiniň dänesiniň ululygyndadyr.

- Dünýädäki iň gadymy bägül Germaniýada bir zawodyň golaýynda ösýär. Ol gyrymsy bolup, ýerleşýän binasynyň üçegine ýetdi. Bu gülüň ýaşy 1000 ýyl töweregi. Uruş ýyllarynda zawod zaýalandy, ýöne ol bägül ýene-de saklanyp galan kökünden gögerip çykdy.

- Ýabany bägül miwelerinde C witamininiň möçberi limondakydan hem has köpdür. Ondan taýýarlanan derman saglygy gowulaşdyrmak üçin täsirli serişdedir.

- Ýaponlar bägülüň «Hameleon» diýen iň owadan görnüşlerinden birini döretdiler. Gündizine ol gül açyk gyzyl, gijesine bolsa ak reňk bilen boýalýar.

- Bägülüň käbir görnüşlerinden mürepbe taýýarlanylýar.

- Aslynda bägülüň täsin reňkli görnüşleri seleksionerler tarapyndan däl-de, himikler tarapyndan döredildi.

- Bägül ýagy zenanlaryň atyr önümleriniň 98 %-ini, erkekleriň atyrlarynyň bolsa 48 %-ini düzýär.

- Gadymy döwürde rimliler ilkinji bolup gyrymsy bägülleri ösdürip ýetişdiripdirler, gadymy rim eserlerinde onuň 10-dan gowrak görnüşi beýan edilipdir. Mysal üçin, rimliler durmuşa çykýanlara gülgüne bägül dakypdyrlar we imperatorlar toýlarda gül şerbetini içipdirler.

- Bägülüň hoşboý ysy iň güýçli antidepressantlardan biridir.

- Bägül toý-dabaralarynyň möhüm aýratynlygydyr. Şeýlelikde, arassalygy, bakylygy, söýgi duýgusyny we yhlasy alamatlandyrýan ak hem gyzyl bägüller olaryň iň köp ulanylýan görnüşleridir.

- Meşhur Konfusiniň kolleksiýalarynda hem bägülleriň takmynan 600 tomy bar.

- Ak bägüller arassa duýgulary, päkligi alamatlandyrýar.

- Bolgariýada maý aýynda her ýyl bu gülüň hormatyna festiwal geçirilýär, şol ýerde bägül bagtyň nyşany hasaplanylýar. 

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info