Oýlandyrýan jümleler

MilliInfo

8 Fewral, 2026

  • Eger sen diňe aňsat zatlary etmek isleýän bolsaň, onda durmuş kyn düşer. Eger-de sen agyr düşýän işleri hem ýerine ýetirmek üçin çytraşýan bolsaň, onda durmuş ýeňil bolar.

  • Öz göwnüçökgünligiňiziň we özüňize kembaha garamagyňyzyň sebäplerini anyklaşdyrmaga girişmezden öň, töweregiňizi kimleriň gurşap alanlygyna ymykly göz ýetiriň.

  • Gowy kitaplary okamaýan adamyň okamagy başarmaýan adamdan hiç bir babatda artykmaçlygy ýokdur.

  • Seniň wagtyň çäklidir, şonuň üçin hem, ony ömrüňi peýdasyz güýmenjelere harçlama.

  • Kitaplar hem edil paraşýutlar ýalydyr, açylmasa, olardan saňa hiç hili peýda bolmaz.

  • Kürek işletmegi öwrenmeseň, gaýygy çalyşmagyň nepi degmez.

  • Hiç ha­çan öw­ren­me­gi­ňi bes et­me, çün­ki dur­muş hiç haçan öwretmegini bes edýän däldir.

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info