Öz howa menzili bolmadyk döwletler we olaryň ulag çözgütleri

Göwher Mollamyradowa

12 Oktýabr, 2026

Göwher Mollamyradowa
Öz howa menzili bolmadyk döwletler we olaryň ulag çözgütleri

Dünýäniň islendik künjegine uçup gitmek häzirki döwürde adaty ýagdaýa öwrüldi. Emma Ýer ýüzünde häli-häzirem öz çäginde adaty ýolagçy uçarlary üçin howa menzili bolmadyk döwletler bar. Geň ýeri, olaryň käbiri dünýäniň iň köp syýahatçy gelýän ýerleriniň hataryndadyr. Andorra, Monako, Lihtenşteýn, San-Marino we Watikan ýaly kiçi döwletler howa menzili bolmasa-da, dünýä bilen aragatnaşygyň özboluşly ýollaryny tapypdyrlar.

Daglaryň arasynda ýerleşýän Andorranyň hem öz çäginde howa menzili ýok. Ýurda barýan syýahatçylar, köplenç, goňşy Ispaniýadaky Andorra–La Seu d’Urgell howa menzilinden peýdalanýarlar. Monakoda bolsa adaty ýolagçy uçarlary üçin howa menzili bolmasa-da, dikuçar meýdançasy bar. Fransiýanyň Nissa şäherindäki howa menzilinden Monako dikuçar bilen bary-ýogy ýedi minutda ýetmek bolýar. Lihtenşteýn hem öz howa menziline eýe däl, şonuň üçin syýahatçylar goňşy ýurtlardaky howa menzillerini ulanýarlar.

San-Marino bilen Watikanyň ýagdaýy bolsa birneme tapawutlanýar. San-Marinoda kiçi uçuş meýdançasy bar, emma ol esasan okuw, sport we syýahatçylyk uçuşlary üçin ulanylýar. Watikanda bolsa resmi saparlarda peýdalanylýan dikuçar meýdançasy ýerleşýär.

Bu döwletleriň tejribesi bir hakykaty görkezýär: adaty ýolagçy howa menziliniň bolmazlygy ýurduň dünýä bilen aragatnaşygyny çäklendirmeýär. Goňşy ýurtlaryň ulag infrastrukturasyny (düzümini) ulanmak, dikuçarlardan we kiçi uçuş meýdançalaryndan peýdalanmak arkaly bu döwletler syýahatçylygy hem-de halkara gatnaşyklaryny ösdürýärler. Şeýlelikde, olaryň her biri geografik aýratynlyklaryna laýyklykda, özboluşly çözgütleri tapypdyr.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info