Adam hemişe kämilligiň gözleginde bolýar, kämilligiň bolsa çägi ýokdur. Özüňe erk etmek hem paýhaslylygyň nyşany hasaplanýar.
Öz häsiýetiňi, ukyp-başarnygyňy, pikir-ideýalaryňy, isleg-meýliňi birnäçe gezek seljermeli. Özüňi bilýänçäň, erkiň alasarmyk halda bolar. Halkymyzda «Özüni bilen weli» diýilmegi hem gözbaşyny şu hakykatdan alyp gaýdýan bolsa gerek.
Hawa, daş keşbiňi synlamak üçin aýna bar, göwün islegiňi bilmek üçin bolsa hiç bir aýna kömek edip bilmez. Goý, sap pikirleriňiz size «aýna» bolup hyzmat etsin! Daşky keşbiňiziň gözelligi içki dünýäňiz bilen sazlaşsyn, kalbyňyz päk bolsun! Diňe şeýle bolanda ynsan kämilligiň ýoluna rowana bolar.Türkmençilikde «Ýagşy niyet — ýarym döwlet» diyilyär. Paýhasa gezek gelende, öz tutanýerliligiňi, durnuklylygyňy, işe gezek gelende bolsa ukyplaryňy synamak gerek; öz yhlas-höwesiňi synagdan geçir, könül islegiň çuňlygyny ölçe, başarnygyny ýene bir ýola saldarlap gör.
Kämillige tarap hereket ediň!
