Ap-ak dag, ýöne bu ýerde gar ýok

MilliInfo

27 Awgust, 2026

Ap-ak dag, ýöne bu ýerde gar ýok

Türkiýäniň Denizli welaýatynda ýerleşýän Pamukkale dünýäniň iň täsin tebigy ýerleriniň biri hasaplanýar. Ak reňkli basgançaklar uzakdan seredeniňde, dagyň üstüne gar ýagyp, doňup galan ýaly görünýär. Emma bu ak gatlaklar gar däl. Olary müňlerçe ýyllaryň dowamynda dagyň çeşmelerinden çykýan minerallara baý ýyly suwlar emele getiripdir.

Suw gaýalaryň üstünden akyp geçýärkä, düzümindäki kalsiniň bir bölegi çökmek bilen ak reňkli gatlaklary döredýär. Şeýlelikde, wagtyň geçmegi bilen tebigy ýagdaýda biri-biriniň üstünde ýerleşýän ak basgançaklar we kiçijik howuzlar emele gelipdir. Olaryň käbirlerinde suw ýygnananda, ýer has-da owadan görnüşe eýe bolýar.

Häzirki wagtda Pamukkale diňe Türkiýäniň däl, eýsem, dünýäniň iň köp tanalýan tebigy ýerleriniň biridir. Pamukkale 1988-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Bu ak gözelligiň emele gelmeginiň sebäbi ýönekeý ýaly görünýän suw, mineral we wagtyň birleşmegidir. Tebigat bolsa olaryň kömegi bilen müňlerçe ýylyň dowamynda äpet «ak galany» döredipdir.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info