Alymlar Antarktidanyň buz galkanynyň astynda gizlenip ýatan landşaftlaryň häzirki wagta çenli iň jikme-jik kartasyny taýýarladylar.
Meýdany 14 million inedördül kilometra golaý bolan bu buz örtügi Ýer ýüzündäki iň uly buz toplumydyr. Onuň aşagyndaky gatlaklar hakyndaky maglumatlar häzirki wagtda hatda Marsyň we Weneranyň ýüzüniň gurluşy baradaky maglumatlardan hem azdyr. Munuň esasy sebäbi bolsa galyň buz gatlagynyň içinden gözegçilik etmegiň örän çylşyrymlylygydyr.
Edinburg uniwersitetiniň Ýer baradaky ylymlar mekdebiniň hünärmenleri tarapyndan geçirilen täze ylmy barlagyň awtorlary kartografiýanyň täze usulyny hemra maglumatlary bilen birleşdirdiler. Bu bolsa ozal näbelli bolan müňlerçe buzasty baýyrlyklary, jülgeleri, dag gerişlerini we çuň kanýonlary anyklamaga mümkinçilik berdi.
Barlagçylar buzuň 2-den 30 kilometre çenli çuňlugyndaky desgalary ýüze çykardylar. Olaryň arasynda buzlaşma döwründen öň dörän bolmagy ähtimal hasaplanýan ýüzlerçe kilometr uzynlykdaky gadymy derýa hanalary hem bar.
Ylmy işde millionlarça ýylyň dowamynda Antarktidanyň buzluklarynyň tekiz düzlüklerden, platolardan we dik daglardan ybarat özboluşly landşaftyny kemala getirendigi bellenilýär. Täze usul bu geologik desgalaryň materik boýunça nähili ýaýrandygyna ilkinji gezek doly düşünmäge ýol açdy. Kartany düzmek üçin «buz akymynyň bozulmalaryny seljermek» (IFPA) diýlip atlandyrylýan ýörite usul ulanyldy. Ol buzlaryň baýyrlyklardan we jülgelerden geçýän wagtynda buzluk üstünde emele gelýän özboluşly şekilleri kesgitlemäge kömek edýär.
«Täze alnan maglumatlar buz örtüginiň hereketini, şeýle hem geljekde dünýä ummanynyň derejesiniň ýokarlanmagynyň depginini has takyk çaklamaga ýardam eder» diýlip, «Science» neşiriniň habarynda aýdylýar.