Raffleziýa — iň äpet gül

MilliInfo

1 sagat öň

Raffleziýa iň uly gül bolup, ömrüniň köp bölegini gizlinlikde geçirýän ösümligi emele getirýär. Çünki Arnoldyň raffleziýasy ýokanç gülliler maşgalasyna degişlidir. Ol gülleýiş döwrüniň dowamynda ýylda bir gezek özüni tanadýar. Bu gülüň arealy Indoneziýanyň, Filippin adalarynyň, Taýlandyň, Malakka ýarymadalarynyň, Kalimantan adalarynyň, Ýawa we Sumatranyň çäklerini eýeleýär.

Çeşmelere görä, bu äpet gül 1818-nji ýylda Sumatra adasynda britan gözlegçisi Stemford Rafflez tarapyndan ýüze çykaryldy. Ösümligi ilkinji bolup gören ýerli gözegçi, doktor we tebigatçy Jozef Arnoldyň kömekçisidi. Şonuň üçin hem, bu gül Arnoldyň raffleziýasy adyny aldy. Tapylan gülüň diametri 1 metr, agramy 7 kg bolupdyr. Onuň agramy 8-10 kg, diametri 60-100 sm aralygynda hem bolup bilýär.

Gül müňlerçe tozanlandyrýan uçujy mör-möjekleri özüne çekiji çüýrän etiň ysyny ýaýradýar. Tozanlanandan soň, çigitli kädä meňzeş miwäni emele getirýär. Raffleziýanyň kerpiç gyzyl reňkli güli bolup, onuň baldagy we ýapraklary, ýagny fotosintezi amala aşyrýan esasy synalary bolmaýar. Şeýlelikde, olar üzümler maşgalasynyň wekilleriniň saýalarynda mugthorluk edip ýaşaýarlar.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info