Remezan aýy kalby päkligiň, arassalygyň, agzybirligiň aýydyr. Bu aý agyz beklemek, bedenimizi taplamak we köňlümizi ruhy taýdan arassalamak, päklemek üçin mübärek aýdyr.
Oraza sagdynlygyň açarydyr. Çünki Oraza aýynda agyz beklemek bedeniň açlyga, suwsyzlyga garşy durmak güýjüni artdyrýar. Şol sebäpden hem, ata-babalarymyz «Oraza tutuň, bedeniň berk, sagdyn bolsun» diýen parasatly jümleleri bize miras gaýupdyrlar.
Oraza aýynyň öňýanynda çagalaryň «Ýarmezan» aýdyp, öýlere aýlanmagy bilen her bir döwletli maşgalanyň gapysy giňden açylýar.
Oraza geldi haý bilen,
Bir bölejik taý bilen,
Taýym batga batanda
Çykaryň «haý-haý» bilen!
Çagalar onuň dowamyny şeýle beýan edýärler:
Biz-ä sizi baý gördük,
Tüýnügňizde Aý gördük,
Altyn bilen apardyk,
Kümüş bilen gopardyk.
Öý eýeleri ýarmezan sanawajyny aýdýan çagalara köke, süýji berýärler. Şeýdibem, ýagşy niýetler, ak arzuwlar köňüllere şatlyk paýlaýar.
Bu mukaddes aýda halkymyz täze dogan Aýy ýüzüne sylyp, ýagşy dilegler edýär. Däp-dessurlarymyza laýyklykda, bu aýda agyz beklenilýär, her bir ojakda agzaçar sadakalary berilýär, ybadatlar amal edilýär. Oraza aýy Magtymguly Pyragynyň:
Ýigrimi dört sagatda, on iki aýda,
Remezan diýerler aýyň ýagşysyn
— diýip, baha beren aýydyr.
Ýurdumyza Oraza aýy ýetip geldi. Bu aýyň mübärek ýalkymynyň tutuş Zemini nura besleýän häzirki döwrümizde amal edilýän sogaply işler mähriban halkymyzyň rysgalyna rysgal goşýar. Goý, mübärek Remezan aýynda etjek ýagşy dilegleriňiz, berjek sadakalaryňyz, päk arzuw-niýetleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!
Show more