Reýhan kompody

MilliInfo

28 Oktýabr, 2025

Reýhan ösümligi daşky keşbiniň gözel bolşy yaly, içdäaçarlardyr sowuk içgileri hem bezeýär. Ol şeýle önümleri taýýarlamakda diýseň möhüm orny eýeleýär.

Reýhan kompodyny taýýarlamak üçin reýhanyň bir dessesini 2 litr suwda gaýnatmaly. Suw gaynanyndan soň bir uly çemçede limon kislotasyny garmaly. Limon kislotasy goşulanyndan soň owadan gyzyl reňk emele gelyär. Şondan soň öz islegiňize gorä, şeker goşmaly. Taýýar bolan kompodymyzy sowadyp bankalara guýup, sowadyjyda ýerleşdirmeli.

Reýhan kompody naharyň ýany bilen saçaga äberilse, taýýarlan tagamyňyz işdä has hem ýakyn bolar.

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info