Saçlaryň sagdyn ösmegi we düşmeginiň öňüni almak hakynda

MilliInfo

9 Dekabr, 2025

Gyşda saçlarymyzyň gowşaýandygy hiç kim üçin syr däl bolsa gerek.

Saç pilingi. Kelle derisini bejerýär. Onuň dürli görnüşleri bolup, şolaryň iň aňsatlary öýde ýerine ýetirip bolýan usullardyr. Piling saç derisine peýdaly elementleriň ýetirilmegini çaltlaşdyrýar we saç dökülmegini azaldýar.

Duz ýa-da şeker pilingleri iň köp ýaýran usullardandyr. Şampunyňyza birini goşuň we saçyňyzy ýuwuň.

Baş derisiniň aponewrozyny owkalaň. Onuň tonusy pese gaçanda, follikulalar ýeterlik kislorod almaýar we netijede saçyň ýagdaýy islenmedik derejede galýar.

Şonuň üçin, wagtal-wagtal baş derisini owkalamak maslahat berilýär. Barmaklaryňyzy ulanyp, kelle derisini çepe we saga, öňe we yza hereketlendiriň. Baş derisini darak bilen owkalaň. Muny her gün ýatmazdan öň edip bilersiňiz. Bu baş derisinde metabolik prosesleri çaltlaşdyrýar. Saçlar has ýalpyldawuk bolýar we saç dökülmesi azalýar.

 

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo