Ynsanlar uzak wagtlap gynanýarlar. Şeýle-de bolsa, gynanmaga ukyply jandar diňe adam däl. Delfinler hem aradan çykan çagasyny birnäçe günläp göterip, soňra özleri diri galmak üçin goýberip bilýärler.
Fraggle delfini iki hepdelik wagtynda çagasyny ýitirdi. Ol onuň jesedini Hindi ummanynyň suwlarynda alty günläp göterdi. «Geographe Marine Research» gorag guramasy tarapyndan taýýarlanan bu wideo dünýäniň dürli künjegindäki adamlara täsir etdi. «Free Press Journal» neşiriniň habaryna görä, haýwanlar hem adamlar ýaly gynanyp bilýärler.
Gözlegçiler Fraggleniň çagasyny ilkinji gezek ýitirmändigini anykladylar. Ol mundan ozal dört çagasyny ýitiripdi. Suwda ýaşaýan jandaryň soňky balasy dem alyş kynçylyklary sebäpli aradan çykdy. Ýagdaý sowuk gyş suwlarynda doglandygy, munuň bolsa, köplenç, täze doglan delfinleriň ölümine sebäp bolýandygy bilen baglylykda, has hem erbetleşdi. Ene delfinler öli balasyny deňize goýbermezden ozal, birnäçe günläp suwda saklamak üçin kürsülerini (burnunyň öň bölegi), kellesini ýa-da arkasyny ulanýarlar. Fraggle görnüşiniň beýleki wekilleri gynançly döwründe ony hiç haçan ýalňyz goýmadylar. 14 delfiniň hemmesi onuň bilen bile ýüzdi.
Alymlar bu hereketi delfinlerde we kitlerde köp gezek synladylar. Bu çylşyrymly sosial gatnaşyklary görkezýär. Barlagçylar zenanlaryň çagalarynyň ölümine şeýle uzak wagtlap gynanmagynyň diňe instinkt däl-de, eýsem, güýçli enelik baglanyşygyny görkezýändigine ynanýarlar.

Show more