«Şekillendiriş sungatynda zenan waspy»: gözellige bagyşlanan sergi

MilliInfo

2 sagat öň

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň her bir güni toý – baýramlara, şanly wakalara beslenýär.

Ýaýlalarymyzy ýaza, degre daşymyzy aýdym-saza besläp, sahawatly türkmen topragyna bahar pasly geldi. Bahar bolsa gülden näzik zenanlarymyzy, ýüzlerinden mähir muhabbet ýagýan mährem enelerimizi ýatladýar.

Bahar pasly – bu tebigatyň täzelenýan, gülleriň müşk ysynyň burk urýan möwsümidir.Hut şu owadan paslyň ilkinji günlerinde, ýagny 8-nji martda Halkara zenanlar güni giňden bellenilýär.

Maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy hökmünde zenanlaryň, gelin-gyzlaryň mertebesini belent tutmak halkymyzyň gadymy döwürlerden gözbaş alýan gymmatly ýörelgesidir.

Zenan keşbi çeper döredijilikde hem möhüm orunlaryň birini eýeleýär. Türkmen şekillendiriş sungatynda zenan keşbi möhüm temalaryň biri bolup, dürli döwürleriň sungat ussatlary bu ugurda özboluşly hem kämil eserleri döredipdirler.

Türkmen suratkeşleri öz eserlerinde gelin–gyzlaryň keşbini diňe bir daşky gözellik hökmünde däl, eýsem, mährem ene, wepaly ýoldaş we zähmetkeş zenan hökmünde ussatlyk bilen wasp edýärler.

Şeýle ajaýyp eserler sungat ojagy bolan Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralan «Şekillendiriş sungatynda zenan waspy» atly sergide hem giňden şöhlelendirildi.

Sergide muzeýiň gaznasynda saklanýan ussat halypalaryň eserleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hem-de onuň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň hem-de erkin suratkeşleriň nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk eserleri, keramika, haly, gobelen we zergärçilik önümlerini synlap bolýar.

Sergidäki şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň naýbaşy nusgalarynyň üsti bilen türkmen zenanynyň mähir–muhabbeti, ruhy dünýäiniň baýlygy açylyp görkezilýär. Zenanlardan ylham alyp döredilen sungat eserleri halkymyzyň öçmejek taryhynyň gymmatlyklarydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň gülläp osmeginde zenanlarymyzyň bitirýän hyzmatlary, Watanymyza wepaly, sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekdäki orny nazara alnyp, Halkara zenanlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň adyndan baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylmagy indi asylly däbe öwrüldi.

Türkmen zenanlaryna şeýle uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

 

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info