Köp adamlar öýjükli el telefonyny gijesine elektrik togunda goýup, uklap galýarlar.
Häzirki zaman smartfonlary zarýad beriş prosesini özbaşdak dolandyrýar. Mysal üçin, «iPhone» batareýa 80 göterime ýetenden soň zarýad beriş tizligini peseldýär. Käbir modellerde bolsa zarýady belli bir göterimde çäklendirmek mümkinçiligi hem bar.
«Apple» kompaniýasynyň maglumatyna görä, «iPhone» gijesine zarýada birikdirilende «Optimized Battery Charging» funksiýasy, ýagny zarýady wagtlaýyn 80 göterimde saklap, ulanyjynyň adatça telefony elektrik akymyndan aýyrýan wagtyna golaý 100 göterime çenli ýetirip bilýär. Bu batareýanyň uzak wagtlap doly zarýadda galmagyny azaltmaga kömek edýär. Ýöne bu telefony gijesine zarýada goýmak howply diýmek däldir. Esasy meseleleriň biri batareýanyň aşa gyzmagydyr. Ýokary temperatura batareýanyň uzak möhletli ömrüni gysgaldyp biler. Şonuň üçin telefony zarýad alýan wagty ýorgan ýa-da ýassyk ýaly ýylylygy saklaýan zatlaryň aşagynda goýmazlyk maslahat berilýär.
Batareýanyň ömrüni uzaltmak isleýänler üçin zarýad çäklendirme funksiýasyny ulanmak hem peýdaly bolup biler. Mysal üçin, goldanýan «iPhone» modellerinde zarýad çägini 80%-den 100%-e çenli saýlamak bolýar.
Umuman aýdanyňda, telefony gijesine zarýada goýmak häzirki zaman smartfonlary üçin, adatça, howply däl. Emma batareýanyň uzak wagtlap doly zarýadda galmagyny azaltmak we telefonyň aşa gyzmagynyň öňüni almak onuň ömrüni goramaga kömek edip biler.

Show more