Şowlulyk getirýän nyşanlar

MilliInfo

3 sagat öň

Şowlulygyň üýtgäp durýandygy sebäpli, adamlar ony özlerine çekmek, saklamak üçin birnäçe usullary oýlap tapypdyrlar. Şeýlelikde, olar şowlulyk getirýän nyşanlary şaý-sep hökmünde dakynypdyrlar ýa-da olary öýlerinde, iş ýerlerinde saklapdyrlar. Geliň, şol nyşanlara bilelikde ser salalyň: 

Nal. Ol misden, altyndan, umuman, metaldan ýasalan bolmalydyr. Ony öýe girilýän gapynyň ýokarsyndan asyp goýmaly. Halk arasynda nal öýüňe rowaçlyk, bereketlilik getirýär we başga adamlaryň ýaramaz pikirlerinden gorap saklaýar diýen yrym bar. Ýewropa ýurtlarynda nala keseligine seredeniňde, Aýa meňzeşligi sebäpli, ol özüniň jadylaýjy güýjüne Hudaý tarapyndan eýe bolandygyna ynanylýar. Ýöne bagt getirýän naly nähili görnüşde we nirede asmaly? Şahjagazlara meňzeş tarapyny ýokary gönükdirmelimi ýa-da tersine? Gündogar we Ýewropa ýurtlarynda nalyň şahjagazlary aşakda durar ýaly görnüşde asýarlar. Şeýle etmek bilen, olaryň bagtyň seniň üstüňe dökülýändigine ynanýarlar. Emma Angliýanyň we Irlandiýanyň halky bolsa bagt akyp gitmezligi üçin ony başaşaklygyna asýarlar. Meksikalylar her dürli teňňeler bilen bezelen nallary hiç kim degmez ýaly, gapynyň has ýokarsynda asyp goýýarlar. Italiýalylar bolsa tersine, her bir öýe girýän adam oňa degip geçer ýaly ýerde asýarlar. 

Altyn balyk. Hytaýda balyk berekediň, bolçulygyň nyşany hasaplanylýar. Sebäbi olarda «balyk» bilen «bereket» sözüniň manysy ýakyn. Şeýle hem balyk maşgala durmuşynda bagtlylygyň nyşany bolup durýar. Öýüňde altyn balykly akwarium goýsaň, onuň ojagyňa bagt, rowaçlyk, özgerişlik getirýändigine ynanylýar. Akwariumda 8 sany altyn we ýekeje gara balyk bolmaly. Sebäbi hytaýlylar «9-lyk» sanyň Asman bilen Zemin sazlaşygyny aňladýandygyna ynanýarlar. 

Üç aýakly gurbaga. Agzynda teňňe saklap duran üç aýakly gurbaga uly şowlulygyň, rowaçlygyň nyşany hasaplanylýar. Onuň agzyndaky teňňe gymmat bahaly metal bolan altynyň nusgasy bolup durýar. Üç aýakly gurbaga diňe şowlulygyň, rowaçlygyň nyşany hasaplanylman, eýsem, ol baýlyk getirýän iň güýçli nyşanlaryň biri bolup durýar. Ony ýeke-ýekeden öýüň otaglarynyň günorta-gündogar böleklerinde ýa-da iş stolunyň üstünde goýmaly. Emma iş stolunyň üstünde goýlanda ony edil gözüň öňünde goýmaly däldir. Üç aýakly gurbaga barada hindilerde şeýle bir rowaýat bar. Gadym wagtlarda üç aýakly gurbaga ýaramaz jandar bolupdyr we adamlara ýaramaz täsir edipdir. Ýöne günlerde bir gün hindi hudaýy Budda ony boýun egdirip, adamlara kömek etmäge borçlandyrýar. Şondan bäri hem gurbaga özüniň adamlara ýetiren zyýanlarynyň öwezini dolmak üçin olara baýlyk eçilýär. 

     

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info