Yssy howada uzak wagtlap aşhanada durmazdan, peç ulanmazdan, taýýarlamasy aňsat bolan ýeňil we sowuk desertler has ýakymly bolýar. Gatyk, miwe we biskwit bilen taýýarlanylýan bu desert köp wagty hem-de aýratyn aşpezlik başarnygyny talap etmeýär.
Deserti taýýarlamak üçin önümleri gatlak görnüşinde ýerleşdirip, biraz sowatmak ýeterlik. Netijede, tomus günleri üçin ajaýyp sowuk we miweli süýjilik taýýarlanylýar.
Gerekli önümler:
400–500 gram grek ýogurty ýa-da goýy gatyk;
200–300 gram ýertudana, banan, şetdaly ýa-da islegiňize görä beýleki miweler;
150 gram süýji biskwit;
1–2 nahar çemçesi bal ýa-da şeker;
islegiňize görä hoz ýa-da maňyz;
üstüni bezemek üçin az mukdarda gara ýa-da süýtli şokolad.
Taýýarlanyşy
Ilki bilen biskwitleri ownuk böleklere bölmeli, owratmaly. Owradylan biskwit desertiň ilkinji gatlagy hökmünde ulanylar. Aýratyn gapda gatygy bal bilen garyşdyrmaly. Tagamyň has süýjili bolmagyny isleseňiz, islegiňize görä, biraz şeker hem goşup bilersiňiz.
Soňra miweleri ýuwup, ownuk böleklere bölmeli. Ýertudana we şetdaly ownuk dilimlere, banan bolsa tegelek görnüşde kesilse amatly bolýar.
Indi deserti bulgura ýa-da kiçiräk aýna gaba gatlak görnüşinde ýerleşdirmeli. Ilki bilen biskwitleri, onuň üstüne gatyk garyndysyny, soňra bolsa miweleri goýmaly. Islegiňize görä, bu gatlaklary ýene bir gezek gaýtalap bilersiňiz.
Desertiň üstüni miwe bölekleri, owradylan hoz ýa-da azajyk şokolad bilen bezemek bolar.
Taýýar deserti, takmynan, 1–2 sagatlap sowadyja sowatmak maslahat berilýär. Bu wagt biskwitiň biraz ýumşamagyna, gatyk bilen miweleriň tagamlarynyň bolsa has gowy alyşmagyna mümkinçilik berýär.
Süýjiligiň has ýeňil bolmagyny isleseňiz şekeriň we balyň mukdaryny azaldyp bilersiňiz. Şeýle hem şekersiz ýa-da az şekerli gatyk ulanyp, desertiň süýjüligini öz islegiňize görä hem sazlamak mümkin.
Şeýlelikde, peçsiz, köp wagt talap etmeýän we tomsuň yssy günleri üçin örän amatly sowuk desert taýýar.

Show more