Söýgüliler güni
Bu sene gözbaşyny Rim imperiýasyndan alyp gaýdýar. Biz bu senäni «Söýgüliler güni» diýip alan hem bolsak, aslynda ady «Mukaddes Walentin günüdir». Adyndan hem belli bolşy ýaly, 14-nji fewral diňe söýgüliler bilen däl, eýsem, dini wakalar bilen baglanyşyklydyr.
Walentin kim?
Katolik ybadathanasy tarapyndan resmi taýdan tassyklanan Mukaddes Walentiniň biziň eýýamymyzyň 270-nji ýylynda aradan çykandygy çaklanylýar. Bu baradaky maglumatlar biziň eýýamyzyň 496-njy ýylynda aradan çykan Papa Gelasiusa degişlidir. Papa Gelasius Walentiniň «ömrüni saýlan ýoluna bagyşlan şehit hökmünde dünýäden ötendigini» aýdýar. 1400-nji ýylda ýazylan maglumatlara görä, Walentiniň Rim imperiýasy döwründe hristian jübütlerine durmuş gurmaga kömek edendigi sebäpli jezalandyrylýar (Klaudius II döwri).
Ady we durmuşy barada köp maglumat bolmasa-da, 1969-njy ýylda katolik ybadathanasy onuň adyny «Mukaddes ynsanlaryň» hataryna goşdy.
Walentiniň 14-nji fewral bilen näme baglanyşygy bar?
Pikir edilişi ýaly, bu onuň doglan ýa-da aradan çykan senesi däl.
XIV asyrda ýaşap geçen iňlis şahyry Çauker 14-nji fewral romantizmini we söýgini baglanyşdyran şahsyýet hökmünde tanalýar. Çauker 14-nji fewralyň guşlaryň öz taýlaryny tapan güni bolandygyna ynanýar. XVIII asyrdaky iňlis däplerine seredenimizde, 14-nji fewral bilen baglanyşykly ýene-de bir baýramçylygyň bardygyny görmek bolýar: Iňlisler bu günde gadymy Rim festiwaly bolan we aýal hudaýy Juno Februatanyň hormatyna bagyşlanyp geçirilýän baýramçylyklara meňzeş çäreleri gurapdyrlar.
Imperatoryň gadagan edenligine garamazdan, hristianlary biri-biri bilen nikalan Walentiniň hormatyna 14-nji fewral Walentin güni diýlip atlandyryldy.
Elbetde, Walentin we onuň taryh bilen arabaglanşygyny anyklamak mümkin däl. Ilkinji gezek XIX asyrda Angiliýada ykdysady bähbitlere bürenmäge başlan Walentin güni gysga wagtda «global medeniýetde» öz ornuny tapdy. Häzirki wagtda marketing we sarp ediş harytlaryny öz içine alýan 14-nji fewral meşhur medeni serişde hökmünde jemgyýete tanyşdyrylandygy üçin taryhy sahnada ähmiýetini ýitirdi.
Resmi maglumatlara görä, ABŞ-nyň sarp edijileri Söýgüliler gününde sowgat we agşamlyk üçin adam başyna 147 dollar harçlaýarlar.
14-nji fewralyň ykdysady görkezijileri hasaba alnanda «ätiýajyň daşyndaky sarp edişi guraýan kapitalizmiň oýny» hökmünde ýazgarylmagy onuň hristian dini bilen baglylygyna garanyňda, hakykata has ýakyndyr.
Show more