Söz sungatynyň suratkeşi

MilliInfo

8 Fewral, 2026

Şygryýet meýdany – ussat suratkeşleriň jemlenen ussahanasyna çalym edýär. Bu ussahananyň ussalary – söz meýdanynyň ussatlary, reňkler bilen däl-de, çeper sözler bilen manynyň sazlaşmagynda ajaýyp eserleri emele getirýärler. Çeper sözleriň üsti bilen surat çekip, halkyň ýüregine girmegi başaran, ençeme goşgulary ajaýyp aýdymlara öwrülen, halypa hökmünde hem uly hormata eýe bolup, halkyň söýgüsini gazanan ussat şahyrlarymyzyň biri hem Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowdyr.

Kerim Gurbannepesowyň döredijilik dünýäsi barada söz açylanda, sadadan çeper, şonuň ýaly-da, islendik okyjyny özüne çekip bilýän, her bir adamyň hakydasynda gaty çalt orun alýan şygyrlary, uly göwrümli poemalary, ajaýyp aýdymlary döredip halkymyza ýadygär galdyrlyp giden ussat göz öňüňde janlanýar. Şahyryň söz sungatynyň suratkeşine meňzedilmegi ýöne ýerden däl. Kerim aganyň galamynyň astyndan çykyp, bagşy-sazandalarymyz tarapyndan aýdyma öwrülip häzirki günlerimizde hem söýlüp diňlenilýän aýdymlaryň biri bolan «Apat» goşgusyny alyp göreliň:

Ýagşyny wasp etmek – şahyra adat,

Diňe adatam däl, hökmanlardandyr.

Gelinler içinde gördüm bir apat,

Ýok, apatam oňa gurbanlardandyr.

 

Maňlaýy bahardan ýasalan ýaly,

Ýaňagy säherden ýasalan ýaly,

Gabagy mähirden ýasalan ýaly,

Dodaklary şeker damýanlardandyr.

 

Gözleriniň agy – dünýäň gündizi,

Gözlerniň garasy gijäň tämizi.

Megerem şol ala gözleriň özi,

Gijäni-gündizi ýasanlardandyr.

Şu goşgy bentlerini okan okyjynyň ýa-da aýdymy üns bilen diňlän diňleýjiniň göz öňünde gözellikde, owadanlykda hem edep-ekramlylykda deňi-taýy bolmadyk türkmen zenanynyň keşbi janlanýar. Goşgynyň ilkinji bendinde aýdylşy ýaly, «ýagşyny wasp etmek» her bir şahyryň adaty. «Her gülüň öz ysy bolýar» diýilişi ýaly, her bir şahyr hem öz başarnygyna görä ýagşylygy, gözelligi wasp edýär. Ýagşylygy, gözelligi sadadan gelen şirinlige ýugrulan ussatlyk bilen wasp etmek, gözelligiň, edep-ekramyň söz bilen suratyny çekmek Kerim aganyň döredijilik çygrynyň örän giňdigini görkezýär. Baharyň, säheriň, mähiriň «şekillerini» bir türkmen zenanynyň keşbinde jemläp, setirlere ýerbe-ýer görnüşde ýerleşdirip bilmek örän ýokary derejede ussatlygy talap edýär. Şeýle çeperligi örän ýokary, sazlaşykly getirilen mysallary Kerim şahyryň döredijiliginden näçe getirseň getirip oturmaly. Umuman, Kerim aganyň döredijilik meýdanyna girseň, gaýta-gaýta giresiň gelýär. Ol ýerden aňsat aýrylasyň gelmeýär. Şonuň üçin hem, köp şahyrlar, söz sungaty bilen gyzyklanýanlar Kerim agany öz halypasy hasaplaýarlar. Aýdyma öwrülen goşgulary häzirki döwürde hem ýaş aýdymçylar, bagşylar tarapyndan täzeçe öwüşginler çaýylyp ýerine ýetirilýär. Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen paýtagtymyzyň iň bir gözel künjeginde ýerleşdirlen «Ylham» seýilgähinde halypa şahyr Kerim Gurbannepesowyň heýkeliniň oturdylmagy bu beýik halypa goýulýan hormatyň nyşanydyr.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info