Antiki döwürde hem adamlar sport bilen meşgullanypdyrlar. Platon ýaşlaryň durmuşa taýýarlanylmagynda, döwlet işgäri hökmünde ýetişdirilmeginde sporta uly üns bermelidigini belläp geçipdir. B.e.öň 5000-nji ýyllarda «sumerler» tarapyndan ilkinji sport bilen meşgullanmak işi ýola goýlupdyr.
Sport bilen meşgullanmak hem bedeni, hem-de aklyňy durlamaga, sazlamaga ýardam edýär. Yzygiderli sport bilen meşgullanmak saglyk ýagdaýyňyzyň gowulanmagyna, kesellemek howpuňyzyň azalmagyna getirer. Günüň dowamynda azyndan 30 minut sport bilen meşgullanmak ýürek-damar keselleriniň 60% öňüni alýandygyny alymlar belläp geçdiler.
Häzirki wagtda dünýäniň birnäçe dilinde ulanylýan «Sport» sözi latynlaryň «di sport» sözünden gelip çykypdyr. Has takygy «Dis Portare» sözüniň gysgaldylmagy biziň ulanýan «sport» sözümiziň döremegine getiripdir. «Dis Portare» sözüniň manysy bolsa «işden uzaklaşmak, dynç almak maksatly öwrenilen endik» diýen manyny berýär. Şonuň üçin hem, biz boş wagtlarymyzda dynç almak maksady bilen oýnalýan oýnumyza, öwrenen endigimize sport diýip bileris.
Sport bu belli bir şertlerde, düzgünlerde dynç almak, güýç sarp etmek bilen bagly bedeniňi terbiýelemekdir. Sport halklaryň, döwletleriň arasynda dostlugy, bilelikde iş ýöretmegi hem ýola goýýar.
Show more