«Counter-Strike 2» wideooýun oýnaýanlaryň arasynda iň meşhur oýunlaryň biri hasaplanylýar. Ol häzirki wagtda «Steamiň» resmi «Most Played» statistikasynda 1-nji ýerde durýar. «Counter-Strike 2» — köp oýunçynyň biri-birine garşy oýnaýan meşhur onlaýn söweş oýny. Onda iki topar dürli maksatlar üçin bäsleşýär.
«Steamiň» maglumatlaryna görä, «Counter-Strike 2-niň» bir günüň dowamynda bir wagtda oýnaýanlarynyň iň ýokary sany 1,19 milliondan geçýär. Bu bolsa oýnuň heniz hem örän uly gyzyklanma eýedigini görkezýär.
Häzirki «Steamiň» sanawynda «Counter-Strike 2-den» soň «Dota 2», «PUBG: BATTLEGROUNDS», «Bongo Cat» we «Apex Legends» ýaly oýunlar gelýär.

Show more