Arzuw bilen ýaşamaýan adam ýok bolsa gerek. Zenan maşgalalar has-da arzuwçyl, duýguçyl bolýarlar. Ähli zady inçeden yzarlaýan zenan dünýäsiniň döredýän gözelliklerem, ene hüwdüsidir, lälelerem üýtgeşik duýgulara, ýagşy arzuw-niýetlere beslenendir. Her bir sungat zenany durmuşyny eýelik edýän hünäri bilen suratlandyrýar. Şeýle sungat eserlerini döredýän ýaş zehinli suratkeş zenanlaryň biri hem Laçyn Toýlyýewadyr. Surateş zenan Laçyn Toýlyýewa 1987-nji ýylda Aşgabat şäherinde dünýä indi.
Zehinli ildeşimiz 2005 — 2011-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň nakgaşçylyk we taslama kafedrasynda ussat suratkeş mugallymlardan sungatyň inçe syrlaryny öwrenip, okuwyny üstünlikli tamamlady.
Döredijilik dünýäsine bagyşlan ajaýyp surat eserleri onuň sungat gurşawynda mynasyp ornuny tapmagyna getirýär. Şeýlelikde, suratkeş Laçyn Toýlyýewa 2022-nji ýylda Türkmenistanyň suratkeşler birleşigine kabul edilýär.
2022-nji ýylda bolsa «Bagtyýarlyk baharynyň şekillendiriş sungatyndaky waspy» atly halkara sergisine we maslahatyna gatnaşdy.
Suratkeş Laçyn Toýlyýewanyň döreden nakgaşçylyk eserleri ýyrdymyzda geçirilýän beýleki sergilerde hem watandaşlarymyzyň ýokary bahasyna eýe boldy. Ol 2023-nji ýylda zenan suratkeşleriň arasynda yglan edilen «Zenan kalbynyň joşguny» atly bäsleşigiň ýeňijisi boldy.
2025-nji ýylda nakgaşçylyk sungaty boýunça şahsy sergisini gurady. 2025-nji ýylda geçirilen «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkasynda bolsa diploma mynasyp boldy.
Ol her ýyl ýurdumyzda geçirilýän bayramçylyklar mynasybetli guralýan sergilere hem-de Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň suratkeş mugallymlaryň döredijilik sergisine işjeň gatnaşýar.
Biz hem zehinli suratkeş Laçyn Toýlyýewa döredijilik äleminde uly üstinlikleriň hemra bolmagyny arzuw edyäris.