Sürüjisiz awtobuslar

MilliInfo

28 Iýun, 2026

Sürüjisiz awtobuslar

Golaýda iňlis konstruktorlary sürüjisiz awtobusyň täze nusgalaryny hödürlediler. Bu ulag üçin sürüji hökman bolmaz. Öz-özüni dolandyrýan awtobus ýoluny ýörite magnit zolaklarynyň kömegi bilen saýlap alar. Şondan öň ol nirede durandygyny we nireden barýandygyny elmydama anyklar. Ol hereket ugruny özi kesgitläp, duralgalarda ýolagçylary mündürer we düşürer. Şeýle awtobuslary el telefonlaryň üsti bilen hem çagyrmagyň ýola goýulmagy meýilleşdirilip, munuň özi ulag ulgamynda has-da netijeli ädim bolar.

«Akylly» awtobusy oýlap tapan Alans Ponsfordyň bellemegine görä, ulag emeli hemra arkaly nawigasiýa ulgamy bilen üpjün edilendir. Onda aragatnaşygyň tizligini we hereketi dolandyrmaga gözegçilik etmegiň iň kämil ulgamy bolar. Ulag ýol heläkçiligine ýol berilmezligini üpjün eder. Sürüjiniň bolmazlygy ulagyň ulanylýan wagty edilýän çykdajyny azaldar. Awtobusyň ekologik taýdan arassa ulagdygyny aýratyn bellemelidiris. Ol elektrik we biologik ýangyç bilen işlär.

Britaniýada öz-özüni dolandyrýan awtobuslar mundan on ýyl öň hereket edip başlapdy. Ýöne bu täze taslamanyň öňkülerden has artykmaç iki tarapy bar. Birinjisi awtobusyň doly güýjünde emeli hemra arkaly dolandyrylmagy, ikinjisi bolsa has tygşytly elektrik energiýaly nusganyň döredilmegidir.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info