Dünýä ummanlarynyň, deňizdir kölleriň suwasty dünýäsi özüniň täsin florasy we faunasy bilen haýran galdyrýar. Täsin hem ajaýyp deňiz jandarlary üýtgeşik suwasty dünýäni emele getirýär. Şolaryň arasynda daşky şekili boýunça «guzujyga» çalym edýän molýuskalar bellenmäge mynasypdyr.
Bu molýuskanyň ylmy taýdan «Costasiella kuroshimae» diýlip atlandyrylýar. Ol adaty bolmadyk molýuskalaryň bir görnüşi bolup, esasan hem, Ýaponiýanyň Okinawa adasynyň Rýukýu arhipelagynyň suwlarynda ýaşaýar. Şeýle-de Filippin adasynyň suwlaryndaky uly barýer rifleriniň arasynda duş gelýär. Owadan «guzujyk» diňe bir daşky görnüşi bilen tapawutlanman, ol fotosintez geçirmäge hem ukyplydyr. Onuň bedeniniň daşky ýaşyl reňkli hlorofil pigmentleri bu ýagdaýa ýardam edýär. Netijede molýuska bedeni üçin zerur bolan organiki maddalary özünde sintezleýär. Reňkli molýuska suwuň 10 metr çuňlugynda mesgen tutmak bilen, suwdaky fitoplanktonlar bilen iýmitlenýär. Gözlegçiler bu görnüşiň köpdürliliginiň 200 müňe golaýdygyny çaklaýarlar.
Show more