Daşyndan seretseň, ýeralma (kartoşka) püresini taýýarlamak örän ýönekeý ýaly görünmegi mümkin. Emma bu garnir köplenç suwly ýa-da bölejikli bolýar. Bloger Kote Oganezow ýeralma püresini nädip taýýarlamalydygy barada birnäçe maslahatlaryny paýlaşdy.
Ýeralmany deň böleklere bölüň. Bu olaryň deň derejede bişirilmegine we ezilen kartoşkanyň bölejikli bolmazlygyna kepil geçýär.
Kartoşkany sowuk we duzly suwa goýuň. Suw ony doly örtmeli.
Gaýnadylansoň, kartoşkany dessine ezmäň. Takmynan, üç minut garaşyň.
Hiç haçan blender ulanmaň. Ezilen kartoşka islenýän dykyzlyga ýetmek üçin el bilen garyşdyranyňyzdaky ýaly ýumşak bolmaz.
Tagamly kartoşka püresi üçin köp mukdarda ýag ulanyň. 1 kg kartoşka üçin 250 g ýag goşuň.
Lezzetli ýeralma püresi taýýar.
Show more