«Bereketli türkmen saçagy» atly kitapdan tamdyr çöreginiň taýýarlanylyşy

MilliInfo

5 sagat öň

Tamdyr çöregini taýýarlamak üçin birnäçe işleri ýerine ýetirmeli: uny elemeli, hamyrmaýany mylaýym suwda (30 – 35C) ezmeli, şerebe taýýarlamaly. Çöregi hamyrmaýaly, şeýle hem hamyrmaýasyz taýýarlap bolýar.

Hamyr ýugrulanyndan soň, 2,5–3 sagat ýyly ýerde (otagyň temperaturasy 28–30 gradus) goýmaly. Hamyr basyrylyp goýlanda, 2–3 gezek täzeden ýugurmaly. Soňra böleklere bölünýär, gerek bolan görnüşe geçirilýär, olaryň üsti saçak bilen ýapylýar we stoluň ýa-da gapagyň üstünde goýulýar. Basyrylyp goýlandan soň (30-40 minutdan) hamyry ýasamaly, dürtgüç bilen dürtmeli we tamdyrda bişirmeli.

Tamdyr çöregini taýýarlamak üçin 3 kg una 50-60 g gury hamyrmaýa, 2 nahar çemçesi duz gerek bolýar.

 

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info