Her milletiň özüne mahsus medeniýeti, medeni mirasy, milliligi bar. Medeni miras hem-de medeniýet her bir halkyň taryhy gelip çykyşyny, urp-adatlaryny, dessurlaryny we ynançlaryny kemala getirýär. Olaryň arasynda dünýä ýüzünde meşhurlyga eýe bolan tans sungaty hem bellenmäge mynasypdyr. Tans sungaty her milletiň medeniýetini, milliligini alamatlandyrýar. Bu sungat wagtyň geçmegi bilen döwrebaplaşdyrylyp, barha kämilleşdirilipdir. Häzirki wagtda ençeme tans görnüşleri bolup, olar islendik adama ruhy lezzet paýlaýar. Dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolan şeýle tanslaryň käbiri hakynda durup geçeliň:
Küştdepdi tansy. Ýurdymyzda dabarasy uludan tutulýan baýramlarymyzyň hem toýlarymyzyň bezegidir. Küştdepdi tansy türkmen halk döredijiliginiň milli öwüşgini bolmak bilen, 2017-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Gözbaşyny gadymdan alýan bu tans sungaty halkymyzyň milli gymmatlygy bolup, ol şatlyk-joşgunyň, owadan hem çeýe hereketleriň özboluşly sazlaşygydyr.
Tango tansy. Argentina döwletine mahsus bolan bu tans görnüşi hem meşhurdyr. Ol 1860-njy ýyllarda Buenos-Aýresde ýüze çykypdyr. Irki döwürlerde bu tansy Günorta Amerika ýurtlaryna göçüp baran ýewropalylar ýerine ýetiripdir. Tango tansynda adamyň islegi, arzuw-umytlary hereketler arkaly beýan edilýär we ajaýyp görnüş emele gelýär.
Wals tansy. Bu meşhur tansy bilmeýänler az bolsa gerek. Jübütleriň ýerine ýetirmeginde örän täsirli çykyşlaryň biri hasaplanýan wals sungaty häzirki günlerimize çenli kämilleşip gelipdir. Aslynda, bu meşhur tansyň gelip çykan ýeri Awstriýa hasaplanylýar.
Hula tansy. Gawaý adalarynyň ýerli ýaşaýjylarynyň ýerine ýetirýän tansynda deňiz tolkunlarynyň alamatlaryny görmek bolýar. Gawaý medeniýetiniň bir bölegi hasaplanýan bu tans adalar toplumyna barýan daşary ýurtly myhmanlaryň öňünde hem ýerine ýetirilýär.
Salsa tansy. Jübütleriň arasynda ýerine ýetirilýän salsa tansy hem dünýä ýüzünde meşhur tans sungatlarynyň biridir. Onda Amerika, Ýewropa we Karib deňziniň medeniýeti özara sazlaşyp, täsirli görnüşi emele getirýär. Esasan hem, erkin ýagdaýda ýerine ýetirilýän bu tansyň esasy aýratynlygy hem hereketleriň ozal bellenen düzgün esasynda däl-de, ýüzugra ýerine ýetirilmeginde jemlenendir.
Show more