Gadymy Rim inženerleri Ýewropada, Demirgazyk Afrikada we Ýakyn Gündogarda giň ýol ulgamyny gurupdyrlar, olaryň köp bölekleri häli-häzirem kämil derejedäki gönüligi bilen tapawutlanýar. Şol ýollaryň gurluşygynyň syry üç sany ýöriteleşdirilen ölçeýji gurallaryň ulanylmagynda jemlenýär. Çünki munuň özi olara ýeri deň böleklere bölmäge we ýollary kesgitlemäge mümkinçilik berýärdi.
Rim ýer ölçeýjileriniň esasy guraly «groma» — agramly şaglawuk çyzyklary asylýan çarpaz bölek bilen örtülen dik sütün. Bu gural inženerlere dogry burçlary çyzmaga we ýumşak eňňitli ýerlerde uzyn, göni çyzyklary döretmäge mümkinçilik beripdir. Bu proses aňsat bolupdyr: bir hünärmen şarlawuk çyzyklary boýunça seredýärdi we beýleki işçilere gönükdirýärdi, olara uzakdaky belgileri dogry bir hatarda deňleşýänçä gaýtadan ýerleşdirmegi tabşyrýardy.
Beýleki işler üçin rimliler horobatlary we dioptralary ulanýardylar.
Çorabatlar aýaklara oturdylan we şaglawuk çyzyklary bilen enjamlaşdyrylan uzyn, alty metrlik agaçdan ýasalan göni gyrady; ol ýeriň eňňitligini kesgitlemek üçin ulanylýan häzirki zaman deňleşdiriji guralyň deňi bolup hyzmat edýärdi. Şol bir wagtyň özünde bolsa dioptra esas diskden we uzakdaky obýektleri has takyk nyşana almaga mümkinçilik berýän nyşan beriji turbadan ybaratdy. Bu gurallaryň utgaşmasy Italiýadaky 500 kilometrden gowrak uzynlygy bolan Appian ýoly we Angliýadaky 92 kilometrlik Steýn köçesi ýaly meşhur ýollaryň düzülmegine ýardam etdi. Gurluşyk tehnologiýalarynyň jikme-jik seljermesi gadymy döwür baradaky kitap meşhur ylmy çeşme bolan «Live Science» tarapyndan çap edildi.
Şeýle-de bolsa, häzirki zaman taryhçylary imperiýada ýeke-täk gurluşyk standartynyň ýokdugyny we ýollaryň diňe ýeriň rugsat berýän ýerlerinde göni galandygyny nygtaýarlar. Kyn ýerlerde ýollar öwrüm-öwrüm bolup uzalyp gidýärdi; sebäbi olar esasan dik ýapgytly ýerlerden geçip bilmeýän tigirli ulaglar üçin niýetlenip gurlupdy.

Show more