Halkymyzda «Zenan begense, Zemin begener» diýen ganatly söz bar. Zenanlaryň bagty dünýäniň bagtydyr, Watanyň abadançylygydyr. Zenanlaryň şatlygy tutuş adamzadyň şatlygydyr. Döwletli döwranymyza buýsanyp ýaşaýan eneleriň, mähriban gelin–gyzlaryň sarpasy hemişe baýdak ýaly belentdedir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, halkymyzyň bäş müň ýyllyk taryhynda belli zenan şahsyýetler öçmejek yz galdyrypdyrlar. Ajaýyp heýkeli Nusaýdan tapylan Parfiýanyň patyşasy Mitridatyň gyzy Rodoguna, «Güneşiň gyzy», «Asman şalygynyň gyzy» ýaly dabaraly atlar bilen tarypy ýetirilen zenan serkerde Zarina, watansöýjüligidir mertligi dilleriň senasyna öwrülen, «Gözellik şasy»Tumar şa, Gündogarda ilkinji ylymy akademiýany esaslandyran halyf Al – Mamunyň käbesi Merjen hatyn, Togrul soltanyň aýaly Altynjan hatyn, Beyik seljuklar döwletiniň soltany Mälik şanyň gyzy Mahmelek hatyn, Soltan Jelaletdin Meňguberdiniň aýaly Melike hatyn, Gutlug Temiriň aýaly Törebeg hanym, Seljuk soltany Gylyç Arslanyň gyzlary Melike Seljuk hatyn we Göwher Nesibe hatyn, söz mülkiniň melikeleri hasaplanýan Mahesti, Menije we Mähri hatyn ýaly meşhur zenanlaryň öz döwründe bitiren beyik işlerine dünýä haýran galýar.
Taryhda öçmejek yz goýan bu zenanlar bu zenanlar ençeme müňýyllyklaryň dowamynda halkymyzyň maşgala gymmatlyklaryny aýawly saklanypdyr. Şol gymmatlyklar bolsa halkymyzda ruhubelentligi hem-de ahlaklylygy, halallygy, sadalygy we zähmetsöýerligi, ynsana sarpa goýmagy terbiýeläp gelipdir .
Show more