Şweýsariýadaky täsin myhmanhana

MilliInfo

25 Awgust, 2026

Şweýsariýadaky täsin myhmanhana

Şweýsariýada adaty myhmanhanalardan düýpgöter tapawutlanýan «Null Stern» atly täsin myhmanhana konsepsiýasy bar. Bu ýeriň adaty otaglaryňky ýaly diwarlary, penjireleri ýa-da üçegi ýok. Myhmanlara diňe iki adamlyk düşek, iki sany kiçijik stol we çyralar berilýär.

Bu täsin taslamany şweýsariýaly dizaýner doganlar Frank we Patrik Riklinler döredipdir. Olaryň maksady adaty lýuks myhmanhana düşünjesini üýtgedip, myhmanlara tebigatyň içinde, açyk asmanyň astynda gijäni geçirmäge mümkinçilik bermek.

Myhmanhana Alp daglarynyň arasynda ýerleşýär. Şonuň üçin hem, gijelerine myhmanlar asmanyň astynda ýyldyzlara seredip ýatyp bilýärler. Bu ýerde hatda hammam hem ýok. Myhmanlar golaýdaky desgalardan peýdalanmaly bolýarlar.

«Null Stern» myhmanhanasynyň esasy şygary hem üýtgeşik: «Ýeke-täk ýyldyz — siz». Şeýlelikde, bu ýer adaty rahat myhmanhanadan has köp tebigat bilen ýakyn aragatnaşyk we üýtgeşik tejribe almak isleýänler üçin döredilen taslamadyr.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info