Tailand syýahatçylary diňe gündiz däl, eýsem, gijelerine hem özüne çekýär. Bu ýerde köp çäreler bar, şonuň üçin hem, syýahatçylar gije galmaga öwrenişipdirler. Agşamlaryna giçden soň kenarlara baryp görmek isleýärsiňiz. Kenaryň ýakasy boýunça ýöremäge henizem rugsat berilýär, ýöne ýerli kenarlarda ýüzmek asla maslahat berilmeýär. Halas edijiler muny gadagan edýärler. Suwda syýahatçylara nähili howplar garaşyp biler?
Deňiz kirpileri
Gündiz deňiz kirpileri kenardan daşda durmaga meýilli, ýöne garaňky düşenden soň ýakynlaşýarlar. Ehinodermleri garaňkyda görmek asla mümkin däl, şonuň üçin hem, olaryň üstüne basmak aňsat. Olaryň tikenleri aňsat döwülegen, şonuň üçin hem olary aýyrmak lukmanlara hem ýeňil däl. Käbir adamlarda sanjymdan soň allergiki reaksiýa ýüze çykýar.
Skat balygy
Gijelerine skat balygyna duş gelmek aňsat. Garaňkyda olar kenaryň ýakasyndaky suwlarda ýaşamagy, çäge bilen garyşmagy halaýarlar. Eger siz skat balygyna bassaňyz, ol sizi zäherli tikenleri bilen urar. Skat balygynyň garna ýa-da döşe degmegi ýüzüji üçin ölüm howply bolup biler.
Meduza
Meduzalara gündiz hem duş gelmek bolýar, ýöne syýahatçylar olardan gaça durmaga mümkinçilik alýarlar. Gijelerine tropiki suwlaryň bu howply ýaşaýjylary görünmeýär, bu bolsa howpy ep-esli artdyrýar. Bu ýerde «portugaliýaly söweş adamy» we dünýäde iň zäherli jandarlaryň biri hasaplanýan gutu meduzasy bilen duşuşyp bilersiňiz. Gije kenarlarda halas edijiler ýok, şonuň üçin hem, halas bolmak mümkinçiligi pes derejededir.
Show more