Hünärmenler Argentinanyň miladydan öňki 450-nji ýyllara degişli Patagonia şäherindäki gadymy mazarlykdan tapylan galyndylary derňediler.
Gözlegiň netijesinde 18 sany uly we 6 çaga tilkiniň süňkleri tapyldy. Alymlar gadymy tilki görnüşiniň adamlar bilen bile jaýlanandygyny subut etdiler.
Geçirilen derňew işleri tilkileriň şol bir mazarlarda jaýlanandygyny we olaryň adamlar bilen meňzeş iýmitlenişiniň bolandygyny ýüze çykardy. Bu olaryň arasyndaky ýakyn gatnaşygy görkezýär.
Tapylan «Dusicyon avus» atly tilki görnüşi, takmynan nemes çopan itiniň ululygyndaky jandar bolupdyr, gynansak-da, bu görnüş häzirki güne çenli gelip ýetmändir.
Hünärmenler, şol sanda Oksford uniwersitetiniň alymlary tilkiniň aw awlaýan haýwan bolup biljekdigini çaklaýarlar. Emma häzirki itleriň döremeginiň tilkileriň öý haýwanlary hökmünde eýe bolan meşhurlygyny ýitirmegine sebäp bolandygyna ynanýarlar.
Show more