Rus edebiýatynyň iň meşhur ýazyjylaryndan biri bolan Lew Tolstoý ýaşan ömründe sansyz eserleri bize miras goýdy. Bu eserleriň dürli dillere terjime edilmegi bilen, diňe bir öz ýurdunda däl, eýsem, dünýäde iň zehinli ýazyjylaryň biridigini mälim etdi.
Tolstoýyň durmuşy adatdan daşary wakalardan doly. Geliň, Tolstoý barada käbir gyzykly maglumatlary has içgin öwreneliň!
- Lew Nikolaýewiç Tolstoý 1828-nji ýylda doguldy we aradan çykýança (1910-njy ýyl) sagdyn we işjeň ýaşady.
- Lew Tolstoýyň ilkinji romany 1852-nji ýylyň noýabr aýynda ýazylan «Çagalyk» eseri bolup, onda Tolstoýyň öz çagalyk ýyllarynda ejesini we kakasyny ýitirişi we garyndaşlarynda önüp-ösüşi beýan edilýär.
- Tolstoýyň çagalykdan başlan dile we edebiýata bolan gyzyklanmasy onuň tutuş ömrüniň dowamynda dowam edipdir. Ol ene dilinden başga-da iňlis, fransuz we nemes dillerinde erkin gürläp grek, latyn, ispan, italýan, türk we bolgar dillerinde ökde okap hem ýazyp bilipdir. Aradan çykan wagty onuň kitaphanasynda 39 dilde ýazylan 23 müňden gowrak eser bar eken.
- Tolstoý söhbet etmegi we ýazmagy gowy görüpdir. Emma onuň ýazan hatlaryny okamak kyn bolupdyr.
- Tolstoý bilen aýalynyň arasyndaky ýaş tapawudy 16 ýyl bolup, gynansak-da bu maşgala has jebis hem agzybir bolmandyr.
- 1906-njy ýylda Russiýanyň Ylymlar akademiýasy Tolstoýy edebiýat boýunça Nobel baýragyna dalaşgär hökmünde teklip edýär. Emma Tolstoý Nobeliň edebiýat baýragyndan ýüz öwürýär.
- Meşhur ýazyjynyň dürli döwletlerden hat alşyp berişýän dostlary bolupdyr.
Show more