Tom Kruz hormatly «Oskar» baýragyna eýe boldy

MilliInfo

22 Noýabr, 2025

16-njy «Gubernators» baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy Los-Anjelesde Kino sungaty we ylymlary akademiýasynda guralyp, bu ýerde hormatly «Oskar» heýkeljikleri gowşuryldy.

Şu ýylky baýrak eýeleriniň biri-de meşhur aktýor Tom Kruz boldy. Ol birnäçe gezek dalaşgär görkezilendigine garamazdan, baýrak almandy.

«Film döretmek meniň hünärim däl, bu meniň şahsyýetim... Siz nireden gelendigiňize garamazdan, kinoteatrda gülýärsiňiz, duýýarsyňyz, bilelikde umyt edýärsiňiz. Ine, bu sungatyň güýji. Men sungatyň şu ugrundan täze sesleri goldamak, kinonyň täsirini goramak boýunça hemişe elimden gelenini etjekdigimi aýtmak isleýärin» diýip, Tom Kruz baýrak gowşurylyş dabarasynda eden çykyşynda aýtdy.

Hormatly «Oskar» baýragynyň eýeleriniň arasynda aýdymçy Dolli Parton, aktrisa Debbi Allen we önümçilik dizaýneri Winn Tomas hem bar. Indiki «Oskar» baýragyna dalaşgärler ýanwar aýynda yglan ediler. 98-nji Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasy 2026-njy ýylyň 15-nji martynda geçiriler.

Tom Kruz şu ýylyň ýazynda «Mümkin bolmadyk missiýa» we «Soňky jogapkärçilik» filmleriniň sekizinji bölüminde baş keşbi janlandyrdy. Indiki ýyl ol Alehandro Gonsales Inýarritunyň ady ýok filmine režissýorlyk eder.

 

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo