Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň iň soňky hasabatlaryna görä, ýurduň syýahatçylyk pudagy 2026-njy ýylyň ilkinji üç aýynda durnukly ösüşi görkezdi.
Çap edilen resmi statistikalara görä, birinji çärýekde daşary ýurtly myhmanlaryň sany 4,2% artyp, 9,2 milliona ýetdi. Pudaklaryň umumy girdejisi hem şoňa meňzeş derejede artyp, 9,9 milliard dollara barabar boldy.
Ministrligiň seljermesi geosyýasy durnuksyzlyga we sebitleýin dartgynlyklara garamazdan, Türkiýäniň syýahatçylyk modeliniň ýokary derejede durnuklylygyny görkezýändigini tassyklady.
Ýurt 2025-nji ýylda 64 million syýahatçyny kabul edip, 65,2 milliard dollar girdeji gazanan bolsa-da, şu ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri ýurduň bu strategik sepgidi saklap galmak ukybyny görkezýär.
Iň möhüm statistik görkezijileriň biri syýahatçylaryň ortaça bir gijelik çykdajylarynyň ösüşidir. Bu görkeziji 2017-nji ýylda 68 dollara, 2025-nji ýylda bolsa 99 dollara deň bolan bolsa, 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde 102 dollara çenli ýokarlandy. Muňa pudagyň ýokary girdejili segmente geçmek strategiýasynyň netijesi hökmünde görülýär. Agentligiň maglumatlaryna görä, hasabat döwründe iň uly bazarlar Germaniýa (678,000), Russiýa Federasiýasy (651,000) we Bolgariýa (539,000 myhman) boldy.
Mundan başga-da, Stambulda UEFA Ýewropa ligasynyň finalynyň geçirilmegi we 2027-nji ýylda «Formula-1-i» senenama gaýtarmak meýilnamalary ýaly halkara çäreler syýahatçylaryň akymynyň diwersifikasiýasyna we ýurduň global keşbiniň pugtalanmagyna goşant goşýar.
Türkiýe tarapy häzirki wagtda bazar islegini we sarp edijileriň özüni alyp barşyny ýakyndan gözegçilikde saklaýar, her sebit üçin aýratyn iş meýilnamalaryny durmuşa geçirýär.
Show more