Ýetmiş ýyldan gowrak wagt bäri sahnada çykyş edip gelýän sungat ussady, meşhur aýdymçy, türkmen estradasynda öçmejek yz goýan ýyldyz, Türkmenistanyň halk artisti Annagül Gurdowa ildeşlerimiziň ýüreginde mynasyp ornuny tapan halypadyr. Şol sebäpden hem, biz bu günki ýazgymyzda halypanyň sungat ýoly hakynda gysgaça söhbet etmek isleýäris.
Türkmenistanyň halk artisti Annagül Gurdowa ajaýyp mahmal owazy bilen ýüreklerde ebedi orun aldy. Onuň 2025-nji ýylyň iýunynda taýýarlanan baýramçylyk konsertinde Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygryna hem-de Ogulabat ejäniň elinden çykan gyzyl kürtä bagyşlanan şekilli aýdymlary ildeşlerimiziň has-da ýokary bahasyna eýe boldy. Gyş paslynyň aýdymyna öwrülen «Akja gar ýagýar» eseri bolsa halypanyň gyş gözelligini wasp edýan iň owadan aýdymlarynyň biridir.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Тürkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglanmagy onuň muşdaklaryny has-da begendirdi.
Meşhur aýdymçynyň «Bagtly bolasym gelýär» diýen aýdymy ähli döwürleriň we nesilleriň ýürek arzuwy bolup hemmeleriň kalbyny lerzana getirýär. Halypanyň ýürekden çykýan şirin owazlary parahat, asuda hem eşretli zamanamyzda Watanymyzyň beýik ösüşleriniň mukamy bolup ýaňlabýar.
Halypanyň joşgunly aýdymynda bellenilşi ýaly, sanlyja gün mundan ozal gadam goýan täze — 2026-njy ýylymyz ähli Türkmen halkyna bagt getirsin! Täze ýylyňyz gutly bolsun!
