Tut ýüzlerçe ýyl ýaşap bilýän naýbaşy agaç bolup, ol ýüpek gurçugyna iýmit bolup hyzmat edipdir. Onuň goýry saýasy ynsana kölege bolsa, datly miweleri jana melhemdir. Tut hakynda halkymyzda «Bir ýyl tut ekseň, ýüz ýyl altyn alarsyň», «Bir ýyl tut eken ýüz ýyl göwher tirer» ýaly nakyllar döräpdir.
Howluda tut ýetişdirmek ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgeleriň biridir. Adatça täze mellegiň gazygy kakylandan, obanyň ýaşululary çagyrylyp, tuduň ýaş nahaly ekilýär. Şeýle däp, esasan-da, Lebap welaýatynda saklanyp galypdyr. Sebitiň ýaşaýjylary şeýle tuda «peýwendi», ýagny «sapylan tut» diýip at beripdirler.
Tuduň iň gadymy görnüşleriniň ikisi bellidir. Birinjisi ýerli tut. Onuň ýapraklary ýarym tegelek görnüşli, miwesi gara ýa-da garamtyl-melewşe bolýar. Ikinjisiniň ýapragynyň ujy çowly, ýüregiň şeklinde inçelip gidýär, miwesi bolsa ak bolýar.
Show more