Tüýleri düşmeýan it tohumlary

MilliInfo

9 Dekabr, 2025

Öýüňizde itiňiz bolsa, iň uly meseleleriň biri olaryň tüýiniň düşmegi bilen baglydyr. Ol hemme ýerde, hatda iýmitiňize hem zyýan ýetirip biler. Oý haýwanlaryňyz tüýüni döküp başlanda, olardan daşlaşmaly bolarsyňyz. Şonuň üçin hem it edinmekde olaryň tüýleri düşmeýän tohumlarynyň wekillerini saýlamak maslahat berilýär.

Pudel. Bu tohumyň dökülmeýän özboluşly tüýleri bar. Pudeller iň akylly itleriň biri hasaplanýar. Olara öwretmek we çagalar bilen düşünişmek aňsat.

Bişon Frize. Bu it galyň ýüňden ýasalan top ýaly görünýär. Şeýle-de bolsa, olaryň tüýi kynlyk bilen dökülýär. Bişon Frize tohumy özüne üns berilmegini gowy görýär.

Malta. Tüýleri dökülmeýän it gözleýän wagtyňyz saýlamak üçin ajaýyp tohum. Şeýle-de bolsa, bu itleriň örän duýgudaşdygyny we eýeleri bilen berk baglanyşyk gurýandygyny ýatda saklamak möhümdir.

Koton de Tulear. Olaryň ýüňi pagta süýümine meňzeýär. Bu itiň hem tüý dökülmeýär. Emma tohumy saklamak köp wagtyňyzy alar.

.

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo