Täze ýyl baýramy dünýä halklarynyň iň söýgüli we giňden bellenilýän baýramlarynyň biri bolup, täze umytlaryň, başlangyçlaryň we ak arzuwlaryň nyşanydyr. Mähriban halkymyz belent ösüşleri, rowaç menzilleri nazarlap gelýän täze – 2026-njy ýyly ýokary ruhubelentlikde, uly zähmet üstünlikleri, beýik ýeňişler bilen garşylaýar. Bu babatda ýurdumyzyň söwda merkezlerinde, ak bazarlarynda sowgatlyk harytlarynyň, azyk önümleriniň bolçulygy üpjün edilip, halk köpçüligine ýokary hilli baýramçylyk hyzmatlary ýola goýulýar. Bagtyýar halkymyz ýene-de sanlyja günlerden şan-şöhratly wakalary özünde jemlän, şatlyga we buýsanja beslenen 2025-nji ýyly arka atar.
Türkmenistan Watanymyza, agzybir halkymyza ýatdan çykmajak bagtly pursatlary bagyş eden bu ýyl hem taryhyň sahypasalaryna altyn harplar bilen girer. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýatdan çykmajak şanly we taryhy wakalaryň ençemesini, many-mazmuna baý sahypalary, möhüm menzilleri ýadygär goýdy. Täze ýylda hem milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň barha kuwwatlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagyna, ylym-bilim ulgamynyň kämilleşmegine goşant bolan başlangyçlar diýseň köp bolar.
Belent rowaçlyklara beslenjek täze – 2026-njy ýylda okgunly ösüşleri maksat edinip, öňe batly gadam urýan eziz Watanymyza beýik işler, taryhy ýeňişler we şanly wakalar hemra bolsun!
Ak arzuwlara beslenip geljek Täze ýyl her bir ynsanyň umyt-arzuwlaryny hasyl eýlesin, maşgala ojaklarymyzy rysgal-döwlet gurşap alsyn!
