Hytaýyň günorta-günbatarynda bir fermeriň uçýan enjam arkaly doňuz daşamak synanyşygynyň şowsuz bolmagy tutuş obada elektrik togunyň kesilmegine sebäp boldy.
Hytaý metbugatynyň habaryna görä, bir fermer ýol arkaly daşamak kyn bolan uzak dag obasyndan doňuzlary getirmek üçin uçýan enjam ulandy. Şeýlelikde, ilkinji doňzuň berkiden ýüpi ýokary woltly elektrik geçirijisine ilişdi. Bu bolsa uçujy enjamyň howada galmagyna sebäp boldy we elektrik kabeline zyýan ýetdi. Fermer bu wakany işiň gijelerine geçirilýändigi sebäpli görünmegiň gowşaklygy bilen düşündirdi.
Ýerli elektrik stansiýasynyň işgäri bu hadysanyň bütin obada on sagatlap elektrik togunyň kesilmegine sebäp bolandygyny habar berdi.
Show more