Türkmen milli tagamy ýarmanyň taýýarlanylyşy

MilliInfo

15 sagat öň

4 adamlyk nahar üçin zerur önümler

  • 500 gr süňkli goýun ýa-da sygyr eti

  • 1 nahar çemçesi duz

  • 2.5 l (10 bulgur) suw

  • 50 ml (1/5 bulgur) ösümlik ýagy

  • 1 sogan

  • 500 gr (2 bulgur) ýarma

    Taýýarlanylyşy

    Gazana et, 1/2 nahar çemçesi duz atyp, 1.5 litr suw guýmaly we ony güýçli otda goýmaly. Suw gaýnap başlanda, onuň ýüzüne çykan köpügi aýyrmaly. Gazanyň oduny peseldip, gapagyny ýapmaly. Çorbany aram otda et bişýänçä gaýnatmaly. Soňra çorbanyň etini bir gaba çykarmaly we onuň süňküni aýyrmaly.

    Başga bir uly gazana ýag guýup, aram otda goýmaly. Ýag gyzanda, onuň içine dogralan sogany atyp, ýumşaýança gowurmaly. Soňra gazana bişen eti atmaly-da, bir-iki gezek bulap, çorbany guýmaly. Onuň üstüne 1 litr suw guýup, galan duzy atmaly. Çorba gaýnar ýaly, gazanyň oduny güýçlendirmeli.

    Ýarmany ýuwup, gaýnaýan çorbanyň içine atmaly we bulamaly. Nahar güýçli otda 10 minut gaýnansoň, gazanyň oduny peseltmeli we ony aram otda 50 minut töweregi bişirmeli. Ýarma gazanyň düýbüne ýelmeşmez ýaly, käýarym ony bulamaly. Eger ýarma goýalsa, oňa azajyk suw guýmaly. Naharyň duzuny dadyp görmeli we gerek bolsa duz atmaly.

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info