Türkmenleriň arasynda «Ýaşmak – ýaraşyk» diýen düşünje bar. Hakykatdan hem, türkmen ynanjynda, onuň zenan hakyndaky mizemez kada-kanunynda ýaşmak edalylygyň, näzikligiň, ýaşuly nesle bolan beýik hormat-sarpanyň aňladylmasy hasaplanypdyr. Ikinji bir tarapdan, uz ýaşynan edaly gelinler düşen öýüniň, bütin obanyň gözellik mertebesine, edalylygyna öwrülipdir. Munuň özi zenan gözelligini, onuň edep-ekram baradaky duýgy-düşünjesini bir gez beýgeldipdir.
Türkmençilikden bilşimiz ýaly, ýaş gelinler gaýynenelerinden, gaýynatalaryndan, gaýynagalaryndan we olaryň ýakyn garyndaşlaryndan ýaşynýarlar. Ýaşynmak dessuryna ýaşmagyň bir ujy bilen agzyňy ýapmak we ýaşynylýan adamlaryň bar ýerinde gaty ses bilen gürlemezlik mahsusdyr. Ýaşmak ata-babalarymyz tarapyndan döredilen we häzirki güne çenli gaýyn-gelin gatnaşygynyň dowam edip gelýän ajaýyp däpleriniň biridir.
Ýaşynmak dessury birnäçe ýyllap dowam edýär. Esasan hem, gaýynatalardan we gaýynagalardan ýaşynmak köp ýyllap dowam edýän dessurdyr. Köp halatlarda ýaş gelinleriň birinji perzentleri dünýä ineninden soň, gaýyneneler öz gelnine sowgat-serpaý ýapmak arkaly ýaşmagyny aýyrmagyny, ýagny ýaşynmagyny bes etmegini soraýarlar. Ýöne şonda-da türkmen gelin-gyzlaryna mahsus utanjaňlyk gaýyn-gelin sylag-hormatynyň nyşany hökmünde gelinleriň ikinji perzentleri dünýä inýänçä dowam edipdir. Diňe şondan soň, gelinler gaýyneneleri bilen ýuwaşja ses bilen gürleşip başlapdyrlar. Bu bolsa türkmen gelin-gyzlarynyň edep-ekramynyň, haýasynyň, edalylygynyň, asyllylygynyň, sylag-hormatynyň nyşany hökmünde kabul edilipdir.