ABŞ-nyň Brigama Ýanga uniwersitetiniň alymlary ylgamagyň ýatkeşligi ösdürmäge nähili täsir edýändigini anykladylar. Bu baradaky habar «Neuroscience» žurnalynda çap edildi. Alymlaryň aýtmagyna görä, ylgamak beýniniň ýatkeşlige jogap berýän bölümi bolan gippokampa stresleriň edýän zyýanly täsirini peseldýär. Iki neýronyň arasyndaky sinaptiki geçirijiligiň güýçlenmegi bilen maglumatlar ýokary derejede ýatda saklanýar. Bu proses uzak wagtlaýyn potensiasiýa diýip atlandyrylýar.
Şeýle-de gaýtalanýan we dowamly stresler sinaptiki geçirijiligi gowşatmak bilen, ýatkeşlige ters täsir edýär. Alymlar ylgamak bilen ýatkeşligiň arabaglanyşygyny görkezmek üçin, syçanlarda synag geçirdiler. Gemrijilere stresli gurşawy döretdiler. Netijede tigirde ylgaýan syçanlaryň uzak wagtlaýyn potensiasiýa görkezijisi synagyň dowamynda hereketsiz galanlaryň görkezijisinden ýokary boldy. Mundan başga-da, labirinti geçmek boýunça ýatkeşligi barlamak üçin geçirilýän synagda tigirde ylgan syçanlar az ýalňyşlyklary goýberdiler. Synagyň netijesi ylgamak bilen ýatkeşligi güýçlendirmegiň mümkindigini subut etdi.

Show more