Ýumşak noýba kotletleri

MilliInfo

5 sagat öň

Bu kotletler hem etden taýýarlanýan kotletler ýaly, lezzetli we ýumşak. Bu düzüm iýmit blogeri Nataliýa Kalninadan alnyp, hatda täze başlanlar hem ony taýýarlap bilerler.

Gerekli önümler

  • Noýba - 1 käse;

  • Suw - 4 käse;

  • Sogan - 2 sany;

  • Ösümlik ýagy - gyzdyrmak üçin;

  • Duz - 0,5 çaý çemçesi;

  • Gara burç we ýag - tagamyna görä;

  • Çörek owuntyklary.

Görkezmeler

1. Noýbalary ýuwuň we suw bilen örtüň (1:4). Garyndy goýalýança pes otda, takmynan, bir sagatlap gaýnadyň. Garyndynyň gaýnamagynyň öňüni almak üçin, gazanyň üstüne agaç gapak goýuň. Soňra doly sowadyň.

2. Sogany ownuk dograň we ösümlik ýagynda altyn reňkde bolýança gyzardyň.

3. Sowadylan nohutlary blender ýa-da ýeralma eziji bilen eziň. Gowrulan sogana duz we burç goşuň. Gowy garyşdyryň.

4. Soňra garyndynyň ýapyşmazlygy üçin elleriňizi suw ýa-da ýag bilen ýaglaň. Kiçi kotletler ýasaň we çörek ownuklary bilen olaryň daşyny örtüň.

5. Kotletleri bişiriş listine goýuň we 200 °C-de 15-20 minutlap peçde bişiriň. Eger olary gyzdyrylan gapda gyzartmak isleýän bolsaňyz, olaryň bölünmezligi üçin garyndynyň içine 2 nahar çemçesi un goşuň.

6. Her gyzgyn kotletiň üstüne bir bölek ýag goýuň. Bu olary has suwly we tagamly eder.

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info