Umman suwlarynyň bu hadysasynyň sebäbi ýakynda ýüze çykaryldy. Ýuwaş we Atlantik ummanlarynyň garyşmaýan dürli suw düzümleri bar. «ИА Экспресс-новости» neşiriniň žurnalistleri bu hadysanyň sebäbini anykladylar.
Iki ummanyň araçägi iki dürli dünýäniň aragatnaşygydyr. Ummanlaryň arasynda garyşmaga mümkinçilik bermeýän diwar dörändigini duýmak bolýar. Alymlar suwuň seljermesiniň netijesinde olaryň himiki düzüminiň, duzuň we beýleki ölçegleriň arasyndaky tapawudyň ýüze çykandygyny bellediler. Suwuň reňki hem tapawudy görkezmäge ukyplydyr. Bir suwuň beýlekisinden has agyrdygyny göz öňünde tutup, serhet dik bolmalydyr. Ýagny, bir umman beýlekisinden beýik bolmaly. Emma bu birnäçe sebäplere görä bolup bilmeýär. Dykyzlygynyň tapawudy ujypsyz, şonuň üçin hem, derejelerde peselme ýokdur. Şeýle hem akymyň ugrunyň tapawudy sebäpli, inersiain güýçler suwlaryň garyşmagyna ýol bermeýärler. Mundan başga-da, suwlar molekulalaryň baglanyşygynyň güýji bilen tapawutlanýarlar. Ummanlarda bu görkeziji gaty göze ilýär, şonuň üçin hem, umman suwlary garyşmaýarlar.
Siz hem bu ýagdaýy teleýaýlymlarda ýa-da suratlarda synlap görensiňiz. Ol hakyky gudrat.
Show more