Ýylgyryş gülküden süýji bolarmyş

MilliInfo

18 Noýabr, 2025

Süýji dilli, güler ýüzli ýaş ýigit bal satýarmyş. Ol şeýlebir nurana, özüne çekiji ýigitmiş welin, süýji ýylgyryşy bilen köňülleri eredýärmiş.

Ýaş satyjy bili boglan süýjä meňzeýärmiş. Çünki onuň müşderisi barmak büküp sanardan has köpmüş. Ol şeýle özüne çekiji hem mylaýym ýigitmiş welin, zäher satsa hem ynsanlar elinden bal şerbeti hökmünde kabul etjekmişler.

Günleriň birinde bir adam bu ýigidiň söwdasyny görýär we onuň gazanjyna göriplik edýär. Ertesi gün ol adam ýüzündäki «sirkesi» bilen şähere aýlanyp başlaýar. Gykylyklap, köçe-köçe aýlanyp, balyny satjak bolýar. Emma näme üçindir müşderi tapmag-a aňyrda dursun, onuň balyna bir siňek hem gonmaýar. Adam agşam gaty gamgyn we gaharly halda öýüne gaýdýar. Gahardan ýaňa ýüzi-gözi gamaşyp duran adamsyny gören aýaly degişme äheňinde: «Ýüzi turşy bolanyň, baly ajy bolar» diýýär.

 «Güler ýüz hem hormat, hem sowgat» diýilýär. Güler ýüzli, kalby päk adam hemme ýerde arzyly. Aslynda, ýylgyrmak ählitaraplaýyn peýdalydyr. Şol bir wagtyň özünde hem, ynam duýgymyzy güýçlendirýär. Şeýlelik bilen, üstünligimizi artdyrýar. Gorkyny ýeňip geçýär, aladany we göwnüçökgünligi aýyrýar. Ýylgyrmak bagtlylykdyr. Güler ýüz sowuk gatnaşyklary eredýär. Ýagtylygyň kebelegi özüne çekişi ýaly, güler ýüzli ynsanlar hem bagta ýakyn bolýar. Tanymal adamlaryň aglabasynyň üstünliginde güler ýüzüň, süýji diliň orny diýseň uludyr. Şunda bu aýratynlygyň üstünlik gazanmagyň ilkinji çelgisidigi aýdylýar. Emydama ýüzümizi ýylgyryş, daşymyzy ýürekdeş ynsanlar, süýji pursatlar bolsa durmuşymyzy bezesin!

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo