Ýylgyryşyň syry

MilliInfo

3 sagat öň

Şagirt halypasyndan sorapdyr:

– Halypa, siz hemişe ýylgyryp gezýärsiňiz, hiç haçan siziň gaýga batyp ýöreniňizi görmedim. Muny hemişe sizden sorajak bolýan, ýöne hiç ugruny tapamok. Eýsem, bu size nädip başardýar?

Goja şeýle jogap beripdir:

– Mundan ençeme ýyl ozal, on ýedi ýaşymdakam çuňňur hasrat bilen halypamyň ýanyna barypdym. Halypam şonda ýetmiş ýaşyndady, ýöne görnüp duran belli bir sebäbi bolmasa-da çalaja ýylgyrýardy. Onuň ýüzünde gaýgy-hasratyň alamatlary hiç hili ýagdaýda duýulmaýardy.

Men ondan «Bu size nädip başardýar?» diýip sorapdym. Ol bolsa diňe ýylgyryp oňdy.

Ol gama ulaşar ýaly hiç bir sebäp görmeýändigini aýdypdy. Şonda men şeýle netijä gelipdim. Bu diňe meň saýlan ýolum. Her gün irden gözümi açanymda, men şu gün haýsy birini saýlamaly – tukatlanmagymy ýa-da ýylgyrmagy diýip özümden soraýaryn.

Şeýlelikde, men hemmişe ýylgyrmagy saýlaýaryn!

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info