Gündogar senenamasyna laýyklykda, ataş atynyň (gyzyl atyň) ýyly başlandy. Ol hytaý senenamasynyň 60 ýyllyk aýlawyndaky iň çalasyn we güýçli nyşanlaryň biridir. Bu ýylda pikirlerimiziň hem, netijä gelmegimiziň-de, hereketlerimiziňem bedewler kimin ýyndam bolmalydygyny, şonda üstinlikleriň bize ýaran boljakdygyny aýdýarlar.
Gündogar senenamasynyň beýleki jandarlary ýaly, at hem her on iki ýyldan reňkini üýtgedýär. Her altmyş ýylda (gündogar senenamasynyň bir döwri tamamlananda) jandaryň reňki başlangyç kaddyna gelýär.
Hytaýlylar aty asmany jandar hasaplaýarlar. Ol aždarha, kaknus we pyşdyl ýaly, älemde deňagramlylyk döretmek bilen, parahatçylygy we sazlaşygy üpjün edýär. Bedewde gözellik bilen güýjüň sazlaşygynyň jemlenmegi ony hut şeýle ýylyň nyşanyna öwrüpdir. Hytaýlylar asmany atlary şowlulygyň, üstünligiň, gülleýşiň, wepalylygyň, zehiniň nyşany hasplaýarlar. Olar zehinli adamy ýüzin salyp barýan ata deňeýärler. Kynçylyga garamazdan, bedewleriň ümzügi öňdedir.
Bedew türkmen halkymyza has-da ýakyn. Ol müňýyllyklaryň dowamyna halkymyz bilen ýürekden gadam urup, ýürekdeşe öwrülip gidipdir. Şonuň üçin-de, ynam bilen gadam goýan bedew ýylymyzdan iň gowy zatlara garaşýarys.