Zehini zyýada zenan

MilliInfo

5 Ýanwar, 2026

Meşhur amerikan aýdymçysy, tansçysy, aktrisasy, prodýuseri hem-de BMG-niň ynsanperwer ilçisi Kristina Agilera 1980-nji ýylyň 18-nji dekabyrynda Nýu-Ýork ştatynyň Staten Aýlend etrabynda dünýä inýär. Ol çagaka enesiniň satyn alýan soul we blýuz eserleri ýazylan plastinkalary diňläp, aýdym aýtmagy öwrenýär. Tiz wagtdan onuň ady şäher içinde «Ýiti sesli gyzjagaz» diýlip tanalýar. Aýdym-saza bolan söýgüsi barha artýan Kristina sekiz ýaşynda Uitini Hýustonyň aýdymyny ýerine ýetirip, iri bäsleşikde ilkinji ýeňşini gazanýar. Şondan soň ol barha adygyp ugraýar. 1992-nji ýylda hokkeý, futbol, beýsbol duşuşyklarynda çykyş etmegi, şeýle-de Stenliniň Kubogynyň finalynda döwlet senasyny ýerine ýetirmegi onuň ýyldyz hökmünde ykrar edilendigi aňladýar.

Kristina Agilera 1991—1994-nji ýyllar aralygynda teleseriallarda, gülküli sahnalarda aýdym aýdýar. Soňra Ýaponiýa gidip, Keýdzo Nakanisi bilen bilelikde «All I Wanna do» («Ähli islegim») atly ilkinji aýdymyny döredýär. 1998-nji ýylda şertnama baglaşmak üçin ABŞ-nyň «RCA Records» studiýasyna ýüz tutanda, oňa «Disney» studiýasyna baryp görmegi maslahat berýärler. Kristina «Mulan» multfilmiň «Reflection» («Şöhlelenme») atly esasy aýdymyny aýtmak umydy bilen «Disney» kompaniýasynyň wekillerine Uitni Hýustonyň «Run to You» aýdymyny iberýär. Netijede, ol bu maksadyna ýetýär. Bu aýdym 1998-nji ýylda «Billboard Adult Contemporary» atly amerikan aýdymlarynyň öňdelidiginde 15-nji orny eýeleýär.Şondan soň Kristina bilen işlemäge isleg atyp başlaýar we onuň ilkinji albomy peýda bolýar. 2000-nji ýylda «Gremmi» baýragyna «Iň oňat täze aýdymçy», 2007-nji ýylda bolsa  «Iň gowy zenan aýdymçy» ugurlary boýunça mynasyp bolýar. Onuň «It`s a Man`s Man`s Man`s World », «Slow down baby», «O Mother» ýaly aýdymlary bütin dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar. Ýaş aýdymçynyň «My Kind of Christmas» atly ilkinji ýygyndysyna meşhur Täýe ýyl we tans aýdymlary girýär. Her aýdym-saz ýygyndysyna özboluşlylygyň, täzeçilligiň girizmegi onuň tomaşaçylaryň iň söýgüli aýdymçylarynyň biri hökmünde ykrar edilmegine getirýär.

                                

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info