«Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýetiniň baş direktory Hydyrberdi Abdurahmanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet halkara gatnaşyklaryny berkitmek we ýurduň döwlet düzümleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen Eswatini Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrdy.
Saparyň çäginde ýokary döwlet we hökümet derejesindäki birnäçe duşuşyklar geçirildi. Premýer-ministr Rassel Mmiso Dlamini bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda strategik hyzmatdaşlygyň geljegi, tejribe alyşmak hem-de döwlet we düzümleýin taslamalaryň çäginde döwrebap tehnologik çözgütleri ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Folile Şakantu bilen geçirilen duşuşykda esasy üns halkara özara gatnaşyklaryna, maýa goýum mümkinçiliklerine we uzak möhletli hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlaryna gönükdirildi.
Eswatini Patyşalygynyň Içeri işler ministrliginde «Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýetiniň wekiliýetiniň agzalary Onuň Patyşalyk Alyhezreti, içeri işler ministri wezipesini hem ýerine ýetirýän şa gyzy Lindwe Dlamini bilen milli ID-pasportlaryny we şahsyýeti anyklaýyş döwrebap ulgamlaryny ornaşdyrmak, döwlet sanawlaryny (reýestrlerini) sanlylaşdyrmak, howpsuzlyk meselelerini, şeýle hem pasport we identifikasiýa ulgamlarynda «Aýdyň Gijeler» kompaniýasynyň öňdebaryjy tehnologik çözgütlerini ulanmak meselelerini jikme-jik maslahatlaşdylar.
Saparyň netijeleri boýunça taraplar bir million SIM-karty we otuz müň alýumin gabaraly LED çyralaryny ibermek barada anyk ylalaşyklary gazandylar. Şeýle hem taraplar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge we halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny dowam etdirmäge özara gyzyklanma bildirdiler.
Bu sapar «Aýdyň Gijeler» kompaniýasynyň halkara tehnologiýalar bazaryndaky ornuny giňeltmeginde möhüm ädim boldy we onuň dünýä arenasyndaky ygtybarly hyzmatdaş hökmündäki derejesini tassyklady.